Il saglygy — ýurt baýlygy
12.11.2021
Kyrk ýyldan gowrak wagt bäri Mary şäherindäki 3-nji saglyk öýünde zähmet çekip, halkyň hyzmatynda bolýan lukmanlaryň biri-de Ogultäç Kuliýewadyr. Eli ýeňil, ak ýektaýly lukman Myrat Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, gulak, burun, bokurdak lukmany diýen käre eýe bolýar. Käriniň ussady Ogultäç Kuliýewa il arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Onuň adyna aýdylýan alkyş sözler bolsa egsilmezdir.
Ogultäç lukmanyň gyzy Aýna Saparowa hem ejesiniň kärini ýöredip, häzirki wagtda welaýat köp ugurly hassahanasynda newropatolog lukmany bolup işleýär.
SURATDA: Ogultäç Kuliýewa iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.