Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn” — 2021

12.11.2021

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň tylla güýzüniň häzirki günlerinde, oba hojalyk işgärleriniň utgaşykly ýerine ýetirýän işleri diýseň gyzgalaňly tapgyra gadam basdy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýunyň dabaraly bellenilip geçilenine kän wagt geçenok. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa, sahawatly türkmen topragynda zähmet çekýän babadaýhanlarymyz Hasyl toýuny uly dabara bilen toýlarlar.
Her bir şanly senä, toý-baýrama özleriniň mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmagy wezipe edinýän edermen hasyl ussatlarymyz ýurdumyzyň obasenagat pudagynyň ösüşlerini belent derejelere çykarmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Türkmen halkynyň durmuşynda täze milli we ruhy galkynyşlaryň dabaralanýan bagtyýarlyk döwründe, janypkeş babadaýhanlarymyzyň netijeli we yhlasly zähmetiniň netijesinde, Watanymyzyň “ak altyn” harmany barha beýgelýär. Welaýatymyzyň pagtaçylary pagta taýýarlamagyň depginini barha güýçlendirýärler. Olaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Watan öňünde pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren welaýatymyzyň Garagum etrabynyň 49900 tonnadan gowrak, Tagtabazar etrabynyň 16100 tonnadan gowrak hasyl tabşyran zähmetsöýer pagtaçylary arzyly pellehana ilkinjileriň hatarynda geldiler we öz zähmet üstünliklerini äşgär etdiler. Welaýatymyzyň edermen hasyl ussatlary oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, döredijilikli zähmet çekmek üçin zerur şertleriň döredilmegine, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň ýokarlanmagyna uly üns berýän milli Liderimiziň atalyk aladalaryna öndürijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler. Bu bolsa, olary uly üstünlikleri gazanmaga, ösüşli sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.
Welaýatymyzyň obasenagat toplumynyň hünärmenleri, ýer eýeleri, kärendeçileri, mehanizatorlary, ulag serişdeleriniň sürüjileri daýhanyň alyn deri, yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we isripsiz ýygnap almak ugrunda gerek bolan ähli tagallalary edýärler.
Zähmet ýeňşini gazanan etraplaryň ussat pagtaçylary zähmet ýeňişleriniň hormatyna guralan dabaralarda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amal edilmegine mynasyp goşantlary üçin dürli sylag-serpaýlara mynasyp bolýarlar.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.