«Ak altyn» — 2021
09.11.2021
Murgap etrabynyň pagtaçy kärendeçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda birkemsiz kemala getirilen pagta hasylyny wagtynda ýitgisiz ýygnap, etrabyň pagta kabul ediş harmanhanasyna tabşyrýarlar. Bu ýere üsti pagtaly gelýän awtoulaglary göreniňde meýdanda pagtanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigine göz ýetirýärsiň. Kärhananyň işgärleri bu ýere gelýän hasyl ussatlaryny güler ýüz bilen garşylap, pagtalaryny kabul edýärler.
Biz bu ýerde bolanymyzda “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýazjemal Nepesowanyň hem-de “Çäçdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Çaryýewiň pagta tabşyrýan pursatlaryna gabat geldik. TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Ogulnäzik Mukymowa bolsa kärendeçileriň arasynda gürrüňdeşlik geçirip duran ekeni. Ol Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan agrar syýasaty, oba hojalyk işgärleriniň zähmet çekmegi, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagy üçin döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin sorag-jogap alyşdy. Kärendeçiler hem öz gezeginde toprakdan bol hasyl almak üçin ähli şertleriň bardygy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilýändigi dogrusynda aýtdylar.
Olar bagtyýarlyk döwrümizde ajaýyp durmuşy peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: kärhanada gürrüňdeşlik
geçirilip duran pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.