Bag ekmek dabarasy
09.11.2021
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi adamlaryň saglygyny goramak, dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilmeli işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlygy ösdürmek baradaky maksatnama — munuň özi ähli adamzady tolgundyrýan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek ugrunda bütindünýä işine saldamly goşantdyr.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken “Türkmenistanda 2021- -nji ýylda bag ekmek hakynda” Kararyna laýyklykda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli saýalyk, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahallarynyň oturdylmagy bellenildi. Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzy gök zolaga öwürmek bilen daşky gurşawyň goralmagy boýunça anyk işleriň yzygiderli we tapgyrlaýyn amala aşyrylmagyny gazanýar.
Geçen şenbe güni, däp bolşy ýaly, Diýarymyzyň çar tarapynda bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirildi. Gözel paýtagtymyzda geçirilen bag ekmek çäresine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bu köpçülikleýin dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Mary — Aşgabat ýolunyň ugrunda, Mary etrabynyň “Altyn asyr” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän 10 gektar meýdanda welaýat derejesinde geçirilen bag ekmek çäresi hem ýokary işjeňlige, ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.
Dabaranyň geçýän ýerinde ir säherden aýdym-sazyň belent owazy ýaňlanyp, adamlaryň ruhuna ruh goşup, çärä üýtgeşik şowhun berdi. Ählihalk çäresine welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň wekilleri, medeniýet, bilim işgärleri, talyp ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly ýaşulularyň baş bolmagynda dabara gatnaşyjylar bag nahallaryny oturtmakda işjeňlik görkezdiler. Bag ekiljek meýdanda hatara gurlan ak öýler, arassa, owadan asmanda parlaýan ýaşyl baýdaklar, hatar tutup oturan bag nahallarynyň barha gürelmegi zähmet baýramyna öwrülen dabarany toýa öwürdi.
Bag ekmek işiniň ösüp gelýän ýaş nesilde zähmetsöýerligi, ýurdumyzyň tebigatyna, bereketli topragymyza söýgini terbiýelemekde ähmiýeti örän güýçlüdir. Bag ekmek boýunça çäräniň ýazyň we güýzüň ajaýyp günlerinde geçirilmegi bolsa, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýykdygyny aýdyň subut edýär.
Bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly çäreler, diňe bir türkmen halkynyň zähmet baýramy bolman, eýsem, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny amal etmekde ildeşlerimiziň ýokary zähmet öndürijiliginiň, gujur- -gaýratynyň aýdyň mysalydyr.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: bag ekmek dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.