“Ak altyn” — 2021
09.11.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Sakarçäge etrabynyň “ak altyn” ussatlary ýetişdiren pagta hasylyny ýygnamak işini depginli alyp barýarlar. Gyzgalaňly dowam edýän ýygym möwsüminde daýhan birleşiklerinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen medeni hyzmat, önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendiriş çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Golaýda etrabyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde geçirilen aýdym-sazly dabara hem ýygyma gatnaşýanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Pagtaçylaryň armasyny bermek maksady bilen geçirilen dabara etrap häkimliginiň hem-de etrap medeniýet bölüminiň guramagynda geçirildi.
Toý röwşüne giren meýdan düşelgesinde pagtaçy kärendeçilere jogapkärli möwsümi üstünlikli tamamlap, ýurdumyzda uludan bellenilýän Hasyl toýuna zähmet sowgatly barmaklary arzuw edildi. Günortanky arakesmede ýaňlanan aýdym-sazyň owazy kalplary joşa getirdi.
Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Çaryýewiň aýdan aýdymlary dabara ruhy lezzet paýlady.
Çärede jogapkärli möwsümde tapawutlanyp işleýän öňdebaryjylara TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: medeni hyzmatdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.