Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kararlary hereketde

09.11.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak baradaky aladalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýy, şan-şöhraty, beýik ösüşleri her bir türkmenistanlyny buýsanmaga hakly edýär. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşine, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwletli işlerine bagyşlanyp geçirilýän dürli maslahatlar zähmetsöýer il-günümizi joşgunly, gaýratly, yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.
Şeýle maslahatlaryň biri golaýda Mary şäheriniň merkezine bezeg berip oturan ajaýyp binada — «Mary» myhmanhanasynda boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem- -de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahat hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, güneşli Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlaryň we çözgütleriň many- -mazmunyny hem-de ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmekden ybarat boldy. Maslahata TKA-nyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleridir işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Myhmanhananyň girelgesinde guralan milli gymmatlyklarymyzyň, sportda gazanylan ýeňişleriň baýraklarynyň — kuboklaryň we diplomlaryň, gyz-gelinlerimiziň on barmagyndan dörän el işleriniň, haly önümleridir milli şaý-sepleriniň sergisi bu ýere gelen myhmanlaryň, maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.
Maslahatda, ilki bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen belledi. Ol Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan ösüşler, ýurdumyzyň taryhy geçmişi, şanly geljegi, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar, edim-gylymlar, milli gymmatlyklar, ýurdumyzda zenanlaryň tutýan orny, gender deňliginiň durmuşa ornaşdyrylyşy hakynda giňişleýin gürrüň berip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlardyr çözgütler, hormatly Prezidentimiziň maslahatda eden taryhy çykyşy dogrusynda durup geçdi.
Soňra welaýat tokaý hojalygynyň esasy hünärmeni, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi, mährem ene Oguljennet Öwezgeldiýewa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Seýitmyrat Atamyradow, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Dünýägözel Gurbanjumaýewa, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Gülbahar Nazarowa çykyş etdiler. Çykyşlarda dünýäde giňden tanalýan, mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy bilen ösüşli menzilleri nazarlaýan Türkmenistan döwletimiziň belent derejelere eýe bolandygy, Arkadag Prezidentimiziň ruhubelent zähmet çekmäge, bagtyýar ýaşamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri ajaýyp jümlelerdir şygyrlar bilen beýan edildi. Mundan başga-da, alym Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan ajaýyp kitaplarynyň her bir ynsan üçin gymmatly gollanmadygy nygtalyp geçildi. Şeýle-de, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak hem-de milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, şöhratly taryhymyzy ýaş nesillere wagyz-nesihat etmek barada gürrüň edildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdan alkyşly sözleri şowhunly elçarpyşmalaryň astynda belentden ýaňlandy.
***
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan maslahatlar welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem ýokary derejede geçirildi.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: maslahatyň geçişinden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.