Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Yhlas ýeňşe ýetirýär

01.02.2021

Soňky ýyllarda sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi bilen meşgullanyp, şowly ädimleri ädýän ýaş türgenleriň sany artýar. Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Durdymyrat Durdyýew hem şeýle türgenleriň biri. Ol 1-nji synpa baranyndan sportuň grek-rim görnüşi bilen meşgullanyp başlady. Yzygiderli türgenleşikler Durdymyradyň sporta diňe bir höwesiniň däl, eýsem, ukyp- -başarnygynyň hem deň-duşlaryndan tapawutlanýandygyny subut etdi. Grek-rim göreşi türgenden erjelligi, öwredilýän tilsimleri zerur pursatynda netijeli ulanmagy başarmagy talap edýär. Elbetde, ýaş türgeniň ýeňişli ýoly belli bir derejede tälimçisiniň ussatlygyna, ýadawsyz aladasynyň, talapgärliginiň sazlaşykly utgaşmagyna bagly. Şonuň üçinem tejribeli tälimçi Atageldi Wellekow ýaş pälwan Durdymyrat Durdyýewiň grek-rim göreşi boýunça başarnygyna uly üns berip, onuň ýeňişli ýoluna goldaw-ýardam bermäge çalyşýar.
— Durdymyrat sportuň bu görnüşi bilen çagalykdan türgenleşip, özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny subut etdi. Onsoňam, diňe tälimçiniň tagallasy ýeterlik däldir. Türgeniň şowly çykyşlary tälimçiniň öwredýänlerini ykjam özleşdirip, ýeňşe sarsmaz ynamy terbiýelemelidir — diýip, D. Durdyýewiň tälimçisi Atageldi Wellekow gürrüň berýär.
Ezber türgen D. Durdyýewiň geçen ýyllardaky ýaryşlarda gazanan ýeňişlerem oňa uly ynam bildirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ol grek-rim göreşi boýunça 2017--nji ýylda Mary şäherindäki 6-njy sport mekdebinde birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda 26 kilograma çenli agramda 1-nji orny eýeläp, diploma mynasyp boldy. 2019-njy ýylyň martynda geçirilen ýaryşda 35 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji ýeri eýeläp, ýeňiji bolmaga mynasypdygyny subut etdi. Şeýle hem 2019-njy ýylyň dekabrynda we geçen ýylyň başynda welaýat boýunça geçirilen bäsleşiklerde degişlilikde 41, 42 we 44 kilograma çenli agramlarda 2-nji orunlary eýeläp, Hormat hatlaryna mynasyp boldy.
Bu şowly çykyşlar ýaş pälwanyň ilkinji şowly ädimleri. Bu ýeňişli ädimler uly ýaryşlardaky şowly menzilleriň başlangyjydyr. Şonuň üçinem ýaş türgene uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Baýram AMANOW. “Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ýaş türgen Durdymyrat Durdyýew.