Il saglygy — ýurt baýlygy
05.11.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Diýarymyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny goramak saglyk ulgamynda işleýän işgärleriň esasy wezipesi bolup durýar.
Sakarçäge etrap hassahanasynyň maslahat beriş bölüminiň Hajy Sopy şahamçasynyň maşgala lukmanlarynyň ynsan saglygyny goramakda yhlasly çekýän zähmetini iş ýüzünde görmek bolýar. Oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany Maral Öwezowa agzybir işgärler bilen bilelikde şu günler ýokanç kesellere garşy göreş çärelerini döwrüň talabyna laýyk alyp barýar.
Lukman oba saglyk merkezine gelýän raýatlara witamine baý iýmitleri iýmegi, dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlary içmegi, sport maşklary bilen yzygiderli meşgullanmagy maslahat berýär.
SURATDA: maşgala lukmany Maral Öwezowanyň işgärler bilen özara pikir alyşýan pursaty.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.