Welaýat zenanlar bölüminde
05.11.2021
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda däp-dessurlarymyzy ýaşlara öwretmek barada ençeme işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak, onuň inçe syrlaryny gelin-gyzlarymyza öwretmek maksady bilen zenanlar bölüminiň guramagy esasynda enelerimiziň el işleri babatyndaky çäreler dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň zähmeti uludyr.
Golaýda Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda “Zenanlar — zeminiň görki, el işleri — älemiň durky” atly çäre geçirildi. Çärä etrapdyr şäherçeleriň çeper elli zenanlary, medeniýet öýleriniň sungat ussatlary gatnaşdylar. Bu çärede gelin-gyzlarymyzyň el işlerinden ybarat sergi görkezildi. Sergide türkmen halysy, keçesi hem-de kümüş şaý-sepleri, gelin-gyzlarymyzyň toý lybasy bolan kürteleri goýlupdyr. Çäräniň dowamynda çeper elli zenanlarymyzyň el işleriniň sünnäligi barada gürrüň edildi. Şeýle hem milli Liderimiziň kitabynda zenanlarymyzyň el işlerine, enelerimize goýulýan uly hormat hakynda buýsanç bilen nygtaldy. Şonuň ýaly-da medeniýet işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy.
Gadymy mirasymyzy dünýä ýaýmakda, ýaş nesillerimize öwretmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyk ýar bolsun!
***
Şeýle çäreleriň biri welaýatymyzyň gözelligine gözellik goşup oturan “Bagt köşgi” toý mekanynda hem dabaraly ýagdaýda geçirildi. Çärede gelin--gyzlarymyzyň sünnäläp edýän el işlerine goýulýan uly hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň edildi.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”
SURATDA: çäreden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.