Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleri
05.11.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir günümiz şanly wakalara, toý-baýramlara baýdyr. Gadymy türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasyna guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, geljege uly ynam, söýgi bilen garaýar.
Otuz ýyl mundan ozal gojaman dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar” diýip belleýär. Hakykatdanam, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gadymy türkmen ili gülläp, ösüşlere eýe boldy, dünýä derejesinde uly abraýa mynasyp boldy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk döwri dünýä nusgalyk beýik tutumlaryň, taryhy ähmiýetli uly ösüş- -özgerişli ajap eýýamy hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen müdimilik ýazyldy. Başy başlanan düýpli özgertmeler, durmuşa geçirilýän tutumly işler milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň buşlukçysy bolup, bütin dünýä ýaň salýar.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesi bellenilýän Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem uly dabaralara, şanly wakalara beslendi. Şanly sene, ýubileý — geçen ýyllaryň jemlerine ser salyp, bolup geçen özgertmelere, özgerişlere syn bermek üçin gowy sebäp, düýpli esasdyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkymyzy, Murgap jülgesiniň ýaşaýjylaryny galkyndyran, begendiren taryhy wakalaryň onlarçasy bolup geçdi. Welaýatymyzyň durmuşynda, ähli ulgamlarda, esasan--da oba hojalyk toplumynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ajaýyp ösüşler, janypkeş daýhanlaryň, kärendeçileriň edermençilikli zähmeti bilen öndürilýän önümler muňa mysaldyr.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bu topluma goldaw bermegiň bir bitewi ulgamynyň döredilendigini aýratyn belläp geçmek ýakymlydyr. Agrosenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamak üçin köp möçberde maýa goýumlary goýulýar. Şeýle-de, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, seçgiçiligi we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek, oba hojalygyna has tygşytly tehnologiýalary, iň öňdebaryjy ylmy-tehniki usullary ornaşdyrmak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalar kabul edilýär we durmuşa geçirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem galla we maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy. Diňe şu ýylyň özünde, mart aýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýyladyşhanalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu önümçilik desgasy welaýatymyzyň Sakarçäge etrabynda gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle ýyladyşhanalaryň başga-da onlarçasy ilaty ter gök önümler bilen üpjün edip azyk bolçulygyny döretmäge öz goşantlaryny goşýarlar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen ýyladyşhanalarda goşmaça täze iş orunlary döredilýär.
Garaşsyzlykdan öň ýurdumyz boýunça öndürilýän pagtanyň bary-ýogy 3 göterimi işlenilip, taýýar önüm çykarylan bolsa, häzirki döwürde onuň agramly bölegi öz dokma kärhanalarymyzda işlenilýär. Sakarçäge etrabyndaky tohumlyk pagta çigidini arassalaýan kärhana, şeýle-de, Tagtabazar, Türkmengala etraplarynda gurlup, ulanylmaga berlen we öňden hereket edip gelýän pagta arassalaýjy kärhanalary pagta hasylyny talabalaýyk işläp, egirme-dokma kärhanalary pagta süýümi bilen üpjün edýärler. Ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň hem gerekli çig mala bolan islegleri kanagatlandyrylýar. Ýokary hilli tohumlyk pagta çigidi daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna ugradylýar.
Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan tüýjümek, jins we örme matalar, dürli görnüşli taýýar eginbaşlar özümizde ýetişdirilýän, esasy çig mal bolan “ak altynyň” süýüminden öndürilýär. Dürli nah we garyşyk ýüplükler bolsa, häzirki döwürde ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen 80-den gowrak iri dokma kärhanalarynda taýýarlanylýar. Biziň welaýatymyzyň hem Tagtabazar, Türkmengala, Wekilbazar, Sakarçäge etraplarynda we Baýramaly şäherinde gurlan dokma kärhanalary ýokary hilli önüm öndürip, halk hojalygynyň ykdysadyýetiniň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Ak bugdaýyň ýurdy bolan Garaşsyz Diýarymyzda Murgap jülgesiniň zähmetsöýer daýhanlary ýylyň-ýylyna gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Galla meýdanlaryndan zaýasyz ýygnalan hasyly saklamak we ondan ýokary hil derejeli un we un önümlerini öndürmek üçin Türkmengala, Oguzhan, Mary, Ýolöten, Garagum etraplarynda we Baýramaly şäherinde häzirkizaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap, un we un önümlerini öndürýän kärhanalar, elewatorlar gurlup, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde wajyp wezipeleri ýerine ýetirýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary netijesinde “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan, özümizde öndürilýän şeker we şeker önümlerine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin uly tagallalar edilýär. Welaýatymyz boýunça janypkeş daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen 14900 gektarda süýjülik ekin bolan gant şugundyrynyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. “Maryşeker” kärhanasynda işlenilip, öndürilen şeker we şeker önümleri ýurdumyzyň söwda nokatlaryna, önümçilik kärhanalaryna ugradylýar.
Oba hojalygynda gazanylýan ajaýyp zähmet üstünliklerinde welaýatda daýhan hojalyklaryny döredip, işlerini döwrüň talabyna laýyk ýola goýýan hususy işewürleriň-de mynasyp paýy bardyr. Welaýatymyzda bol hasyl ösdürip ýetişdirmek, obasenagat toplumynda işlemek bilen, azyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagyna uly goşant goşýan daýhan hojalyklarynyň, işbaşarjaň telekeçileriň hatary hem artmak bilen.
Oba hojalyk pudagyny özgerişlere, galkynyşlara eýe eden Arkadag Prezidentimiziň howandarlygynda welaýatymyzda ençeme öňegidişlikler, döwrebap ösüşler üpjün edildi. Şeýle beýik ösüşleriň sakasynda duran belent mertebeli Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.