Sport. Sport. Sport.
02.11.2021
Ajaýyp döwrümizde halkymyz sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini bagtyýar durmuşyň baş şerti hökmünde kabul edýär. “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” diýleni. Sagdynlyk bagtly bolmagyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Türkmen sportunyň ösýän, gülleýän, kämilleşýän zamanasynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrüldi. Yzygiderli beden maşklary işe bolan ukyplylygy artdyrsa, sport bilen yzygiderli meşgullanmak durmuşa söýgini oýarýar, berdaşly, gujur-gaýratly, maksada okgunly, edýär.
Mahlasy, säher bilen, arassa hem-de jana ýakymly sergin howada ylgamak, pyýada ýöremek, welosipedli ýöriş etmek, beden maşklaryny ýerine ýetirmek — bularyň bary ynsany ruhy we beden taýdan berkidip, saglygy gowulandyrmagyň iň oňat usulydyr.
“Sporty söýmek durmuşy söýmekdir” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň hut özi sport bilen meşgullanyp, hemmelere nusga alarlyk görelde görkezýär.
Goý, mähriban halkyny sport bilen, sagdynlyk hem ruhubelentlik bilen ýeňişlere sary alyp barýan Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ili aman, ýurdy abadan bolsun!
G. BÄŞIMOWA.