Bilimli nesil — kuwwatly Watan
02.11.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem güýçli depginler bilen ösýär-özgerýär. Ajap eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geljekde ýurdumyzy gülletjek ýaş nesillerimiziň gowy okap, bilim almagy üçin gurlup, ulanylmaga berilýän, ähli mümkinçilikleri bolan çagalar baglarydyr mekdepler munuň aýdyň mysalydyr.
Aslynda, ylym-bilim öwretmek, ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek mugallymlaryň asylly ýörelgesidir. Şeýle asylly ýörelgä eýerip, okuwçylara ylym-bilimiň dünýädäki ähli gapylary açýandygyny tekrarlap, yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de Oguljahan Annamämmedowadyr. Asylly hünäriň eýesi bolan Oguljahan mugallym Türkmengala etrabyndaky 14-nji orta mekdepde surat mugallymy bolup 27 ýyldan bäri yhlasly zähmet çekýär. Surat hem-de çyzuw mugallymy bolan O. Annamämmedowa 1990 — 1994--nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini üstünlikli tamamlapdyr.
Çyzuwyň hem-de surat çekmegiň aýratynlyklaryna belet zehinli mugallym welaýat, etrap derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Ol yhlasly zähmeti bilen bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. Bulardan başga-da, ol gazetdir žurnallarda-da yzygiderli çykyş edip dur.
Mugallymyň asylly ýörelgesinden ugur alýan mekdep okuwçylary hem yhlasly okaýarlar, surat hem-de çyzuwyň iň kämil görnüşlerinden habarly bolýarlar. Olaryň surat çekmäge bolan höwesi has-da ýokarlanýar.
Biz hem okuwçylara suratyň hem-de çyzuwyň inçe syrlaryny öwredýän işjanly mugallyma aňsat bolmadyk işinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwlaýarys.
Ýaşlarymyzyň ylym-bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Güljan SAPAROWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: Oguljahan mugallym sapak wagtynda.