“Ak altyn” — 2021
02.11.2021
Şu günler Watanymyzyň milli baýlygy bolan ak pagtany ýygnamak işi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu işde kärendeçi daýhanlara ýygymçy gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Şeýle hem kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli kombaýnlaryň kömegi bilen meýdandaky hasyly ýygnaýarlar. Kombaýnlara erk edýän ussat mehanizatorlar az salymyň içinde birnäçe gektar ýerdäki pagtany ýygyp, hasylyň çalt ýygnalmagyna şeýle hem wagt tygşytlylygyna ýardam edýärler. Meýdanda işleriň gyzgalaňly alnyp barylmagy üçin zähmet bäsleşikleri yglan edilýär, meýdan düşelgelerinde dynç almak üçin aýdym sazlar, sergiler guralýar. Şeýle etmek bilen hasyl ussatlarynyň armasy ýetirilýär.
Golaýda Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, şeýle hem etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda aýdym-sazly çäre geçirildi. Pagta meýdanynyň gyrasynda milli röwüşde bezelen sahna özboluşly täsirli boldy. Atyzda ýaňlanan aýdymlar hojalygyň hasyl ýygymyna gatnaşýan her bir işgärine ruhy lezzet paýlady. Kärendeçileriň ýakyn ýardamçysy bolýan işine ökde, öňdebaryjy mehanizatorlara TDP-niň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gurnalan medeni hyzmatyň dowamynda kärendeçi daýhanlar özleri hakynda atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirdiler.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: medeni aýdym-sazly çäreden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.