Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn” — 2021

02.11.2021

Rowaçlyklara beslenýän Türkmenistan döwletimiz ösüşlere sary öňe barýar. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly, oba hojalyk ulgamynda hem toprakdan bol hasyl almaga, çekýän zähmetiniň hözirini görmäge döredilýän mümkinçilikler her bir kärendeçini buýsandyrýar.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda pagtaçy kärendeçiler özleri üçin döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanyp, gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Welaýatymyzyň beýleki hasyl ussatlary bilen birlikde Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Altyn güýz” daýhan hojalygynyň kärendeçileri hem ýetişdirilen hasyly ýygnamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Bu ýerde kömekçi ýygymçylaryň, mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Patrak ýaly açylan hanalary ýeke-ýekeden ýygnap, tonnalary döredýän kärendeçilere berekella aýdýarsyň.
Hojalykda işine ökde kärendeçileriň birnäçesi bar. Olaryň biri hem tejribeli kärendeçi Maksat Ýalkabowdyr. Onuň üstümizdäki ýylda 12 gektar ýerinde ýetişdiren hasylyndan göwni hoş. Çünki, meýdandaky ak patrak kimin hanalar onuň bellenilen meýilnamany ýerine ýetirjekdigine güwä geçýär. Aslynda, meýdanda kärendeçileriň hemmesi birsydyrgyn işi edýän ýaly. Ýagny, otag, ýekeleme, hatarara bejergi, iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini hemmelerem geçirýärler. Ýöne sahawatly güýz paslynda welin hemme pellerdäki hasyllar deň däl. Munuň sebäbini Maksat aga şeýle düşündirýär:
— Hakykatdan-da, meýdanda edilýän işler birmeňzeş. Ýöne her bir etmeli işiň öz wagty, iýmitiň berilmeli mukdary bar. Esasan hem edýän işiňde tejribäň, höwesiň bolmagy zerur. Toprak bilen dil tapyşmagy başarsaň, göwün diýen netijäňi gazanyp bolýar.
Maksat Ýalkabowa ýanýoldaşy Ogulgerek gelneje her bir işde ýakyn ýardamçy bolýar. Olar dabaraly bellenjek Hasyl toýuna zähmet ýeňişleri bilen barmak üçin tutanýerli işleýärler.

D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: Maksat Ýalkabowyň pagtaly meýdanynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.