Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

02.11.2021

Hawa, lukman bolup, ildeşlerimiziň alkyşyna eýe bolmak uly bagt bolsa gerek. Sebäbi, dertlere şypa bermek, sagdyn nesli dünýä indermek, hoş söz, mähirli ýüz bilen näsaglary bejermek, olaryň saglygyny dikeltmek — bularyň ählisi lukmanyň abraýyna abraý goşýan närseler. Ak ýektaýyna guwanyp, akja bäbekleri ele alyp, ene- -atany begendirýän lukmanlaryň waspy dilde. Olar il alkyşyna, egsilmez sagbolsunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle mähirli hem süýji sözli lukmanlaryň biri-de Gülruh Sapargylyjowadyr.
Kiçilikden akuşer-ginekolog lukmany bolmak arzuwy bilen orta bilim alan Gülruh lukman 2014 — 2020-nji ýyllar aralygynda Myrat Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetini üstünlikli tamamlaýar. Ol intern lukman hökmünde iş tejribesini welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hassahanasynda artdyrýar. Ol ýerde oňa Jumamyrat Orazow halypa hökmünde akuşerçilik ugrundan köp zatlary öwredýär.
Gülruh Sapargylyjowa häzirki wagtda Murgap etrap hassahanasynyň akuşerçilik bölüminde akuşer-ginekolog lukmany bolup zähmet çekýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, sagdyn nesli dünýä indermek üçin yhlasly işleýär, zenanlarymyzyň ýakyn maslahatçysy bolup, olara ene süýdüniň ähmiýeti dogrusynda-da öz maslahatlaryny berýär. Ildeşlerimiziň alkyşyny alýan Gülruh lukman zähmet toparynyň arasynda-da uly abraýdan peýdalanýar.
Biz hem öz gezegimizde Gülruh lukmana işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Goý, Arkadagly Diýarymyzda nesillerimiziň dowamaty dowam bolup, çaga gülküsi belentden belent ýaňlansyn!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Gülruh Sapargylyjowa iş wagtynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.