Döwür. Çaga. Terbiýe.
29.10.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky tutumly işler rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarda, şäherlerdir obalarda gurlup ulanmaga berlen döwrebap çagalar edaralary, orta mekdepler muňa doly güwä geçýär. Şeýle binalaryň biri hem 2014-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň Daşköpri geňeşliginde gurlup, ulanmaga berlen 2 gatdan ybarat, 90 çaga niýetlenen “Nowça” atly 12-nji çagalar bakja-bagydyr. Bakja-baga 35 ýyldan bäri zähmet çekip gelýän, guramaçy zenan Sapargül Zeýnetdinowa ýolbaşçylyk edýär.
Özara söhbetdeşlikde çagalar bakja-bagynyň müdiri S.Zeýnetdinowa bize buýsanç bilen şeýle gürrüň berdi:
— Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän körpejeleriň aglabasy merdana maldarlaryň çagalary. Körpejelerimiz yssy mähir bilen gurşalyp, ertirki gün olaryň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, bilimli, sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri barada yhlas edýän terbiýeçilerimiziň işleri ilerleýär. Bagymyzda 2 sany bakja, 3 sany hem bag topary bolup, olarda tejribeli terbiýeçiler zähmet çekýärler. Mekdebe taýýarlaýyş toparymyzda körpeleriň 20-ä golaýy terbiýelenýär. Körpejelerimiz etrabymyzyň çagalar edaralarynyň körpejeleriniň arasynda guralýan bäsleşiklerde şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýärler.
Bagymyzda 15 ýyldan bäri işläp gelýän tejribeli terbiýeçi Gunça Myradowanyň ady hormat bilen tutulýar. Ol ýaş nesli terbiýelemegiň milli ýörelgesinden ugur alýar. Sözleýiş dilini ösdürmek üçin goşgulardan, ertekilerden, her dürli reňkli suratlardan ýerlikli peýdalanýar. Şepagat uýamyz Orazjemal Agamyradowa körpeleriň saglygyny barlap, olaryň arassaçylygyna, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý edişlerine gözegçilik edýär.
Körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik, ululara hormat goýmak, deň--duşlaryňy sylamak, tebigaty söýmek endiklerini öwredýäris.
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çagalar bakja- -bagynyň “Nowça” atly toparynyň terbiýeçisi Gunça Myradowanyň körpejelere erteki aýdyp berýän pursaty.
Surata düşüren awtor.