Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

28.01.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar türkmen zenanlaryny gaýratly, joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde zenanlara goýulýan hormat-sarpa barha belende göterilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalarda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Çünki, zenanlara goýulýan hormat jemgyýete, maşgala mukaddesligine goýulýan hormatdyr. Zenanlaryň sarpalanmagy döwletiň, halkyň sarpalanmagydyr. Golaýda şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň dabaraly bellenilen Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň jemine bagyşlanyp Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Mary şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen ýygnaga şäher we etrap häkimleriniň orunbasarlary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary hem-de TZB-niň welaýat, şäher, etrap bölümleriniň işjeň zenanlary gatnaşdylar. Hasabat ýygnagynda welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa çykyş etdi we ýygnagy alyp bardy. A. Atabaýewa sözüniň başynda welaýat zenanlar bölüminiň ýylyň jemini gowy netijeler bilen jemländigi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy, tertip-düzgün, edep-terbiýe, maşgala mukaddesligi hakynda söz açyp, wagyz-nesihat işleriniň güýçlendirilmelidigini nygtady. Şeýle hem welaýat häkiminiň orunbasary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belleniljek — Türkmenistan— — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda eziz Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan welaýatymyzyň işeňňir, öňdebaryjy zenanlarynyň öňlerinde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini, 2020-nji —Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň oňat netijeler bilen jemlenendigini buýsanç bilen belledi.
Ýygnagyň dowamynda Baýramaly şäherindäki 3-nji orta mekdebiň baýry mugallymy, hormatly ene Akjagül Babakulyýewa, welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljahan Çarykulyýewa, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş akuşer-ginekology Maýa Japarowa, TDEI-niň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Ejegyz Sopyýewa we başgalar çykyş etdiler. Çykyşlarda arassa ahlak, edep-terbiýe, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, häzirki wagtda ýokanç, sowuklama keselleriniň öňüni almakda edilýän işler, bilim ulgamyndaky özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi hem-de welaýat zenanlar bölüminiň hasabat döwründe eden işine kanagatlanarly baha berildi.
Çykyş edenler türkmen zenanlaryna bagtyýar ýaşamaga, yhlasly işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Şeýle hasabat ýygnaklary welaýatymyzyň şäher, etrap zenanlar bölümlerinde hem geçirildi.

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahu jahan». TZB-niň işjeň agzasy.
SURATLARDA: welaýat zenanlar bölüminiň hasabat ýygnagyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.