Oba hojalygy : işler utgaşykly barýar
29.10.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmek, ony iň bir girdejili pudaga öwürmek üçin döwletimiz tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Munuň özi toprakdan bereketli hasyl almaga, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Arkadag Prezidentimiz bazarlarymyzy özümizde ýetişdirilen miwe, bakja we gök önümler bilen üpjün etmegi esasy wezipe edip goýýar. Halal zähmete ýugrulan edermen babadaýhanlar hem bereketli topragymyza gözleriniň göreji deýin garap, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Olar päk zähmeti bilen pagta, bugdaý, gant şugundyry we beýleki gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirip, Watanymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.
Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda gök önümler bilen üpjün etmek hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň paýyna düşýär. Muňa oňat düşünýän kärendeçiler ýylyň dowamynda bir ýerden iki hasyl almaga çalyşýarlar. Ýagny, olar bugdaýdan boşan meýdana gant şugundyryny we beýleki aralyk ekinleri ekip ikinji hasyly almagyň hötdesinden gelýärler. Şeýle etmek bilen olar hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 1-nji fewralyndaky çykaran kararyna laýyklykda güýzlük bugdaýdan boşan meýdana gaýry ekinleri ekmek boýunça öňlerinde goýlan wezipeleri berjaý edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň bu karary oba hojalyk pudagynyň ösüşini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has hem gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýagny, daýhanlaryň bir ýerden iki hasyl almagy olara goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýerleri 99 ýyllyk möhlet bilen bermek baradaky karary hem özüniň oňyn netijesini berýär. Bölünip alnan ýeriň 70 göterimine bugdaý, gowaça, gant şugundyry ekilip, galan 30 göterimine islege görä ekiniň ekilmegi ýerden peýdalanýanlary diýseň begendirdi. Şeýle edilmegi bilen häzirki döwürde daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, telekeçileriň ýerlerinde öndürilýän önümler barha artmak bilen bolýar. Munuň netijesinde bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň orny tutulýar.
Kärendeçi daýhanlar beýleki gök ekinler bilen birlikde gant şugundyryny ekip, bol hasyl alýarlar. Çünki, şekeriň çig maly bolan gant şugundyrynyň süýjülik tagamlary taýýarlamakda ähmiýeti diýseň uludyr. Şugundyryň düşewüntli ekindigine örän oňat düşünýän welaýatymyzyň kärendeçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bugdaýdan boşan meýdanyň 14900 gektaryna gant şugundyryny ekdiler. Bu ekiniň ekilýän wagtynyň tomsuň yssy günlerine gabat gelýändigi sebäpli ýeterlik idegi talap edýär. Bereketli hasyl ýetişdirmek üçin döküniň, tehnikanyň, suwuň, himiki serişdeleriň ýeterlik bolmagy hem-de “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan bu önümi öndürijileriň zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bol hasyl alyp, üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär. Welaýatymyzyň şugundyrçy kärendeçileri üstümizdäki ýylda bereketli hasyl ýetişdirip, ýakynda ýygym işine girişdiler. Nesip bolsa, şugundyrçy kärendeçiler bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirerler.
Umuman aýdanyňda, welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary halkymyzy ýylyň ähli paslynda özümizde öndürilýän ter, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».