Bäsleşik geçirildi
26.10.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gülläp ösýän ýurdumyzda kitaphana ulgamyna aýratyn üns berilýär. Çünki, kitaphanalar ruhy baýlygymyz bolan kitaplaryň jemlenen ýeridir. Bu günki günde ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem baý kitap gorlary bolan kitaphanalaryň birnäçesi hereket edýär. Olarda işine kämil, ussat, tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler.
Golaýda welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky welaýat, etrap, şäher kitaphanalaryndan we kitaphana şahamçalaryndan öňdebaryjy, wagyzçy kitaphanaçy hünärmenleri ýüze çykarmak we olaryň iş tejribesini beýleki kitaphanaçylaryň arasynda ýaýratmak maksady bilen hünär bäsleşigi geçirildi. “Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda” ady bilen geçirilen hünär bäsleşigine welaýatymyzyň tejribeli kitaphanaçy hünärmenleri gatnaşyp, olar özleriniň ukyp--başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda parahatçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, asuda Watanymyzyň ösüşi, kitaphana hazynasynda bar bolan dürli pudaklara degişli edebiýatlary, kitaplary elektronlaşdyrmak boýunça başarnygyny görkezen hünärmenler özara bäsleşdiler.
Bäsleşigiň şertlerine görä çykyş eden kitaphanaçylaryň arasyndan emin agzalarynyň baha bermegi netijesinde ýeňijiler saýlanyldy. Onda Mary şäherindäki merkezi şäher kitaphanasynyň usulçysy Sülgün Annamyradowa, Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň usulçysy Ejegyz Seýidowa ýeňiji diýlip yglan edildi.
Ýeňiji bolan kitaphanaçylara welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň Hormat haty we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de, olar şu bäsleşigiň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: ýeňiji kitaphanaçylar.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.