Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn” — 2021

26.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy çalt depginlerde ösdürilip, azyk bolçulygyny döretmekde uly üstünliklere ýetilýär. Ýurdumyzda daýhanlara berilýän goldaw-ýardamlaryň netijesinde pagtanyň, dänäniň, gant şugundyrynyň, ýeralmanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny almak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Oba hojalyk ulgamynda täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan oba hojalyk tehnikalary daýhanlaryň halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagyna ýardam berýär.
Şu günler oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän kalplary hyjuwly kärendeçi pagtaçylarymyz gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýlişi ýaly, zähmet ýeňşine tarap barýan zähmetsöýer pagtaçylarymyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna goşantlaryny goşup, döredijilikli zähmetleriniň hözirini görýärler. Türkmengala etrabynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän Azat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Senetçi daýhan” daýhan hojalygynyň 130 gektar ýerinde bitginli pagta hasyly ýetişdirilipdir. Pagta meýdanyndaky ýetişdirilen “ak altyn” hasylyna gözüň düşende, irginsiz zähmet siňdirilendigini görmek bolýar.
Pagta agronomy Agamyrat Gaýypow hem ekin meýdanlarynda bolup, ekinleriň bol hasyl bermegi ugrunda yzygiderli aladalanýar. Agronom daýhanlaryň armasyny berip, olaryň işleriniň ilerlemegine ýardam bermäge çalyşýar. Ady agzalan daýhan hojalygynda şu günler ýetişdirilen pagta hasylyny isripsiz ýygnamagy maksat edinýän babadaýhanlarymyz maňlaý derini döküp, “ak altyn” harmanynyň beýgelmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olardan Serdar Durdyýew, Myrat Haýdarow, Seýran Hallyýew, Şemşat Piriýewa, Bahar Akmyradowa pagtany zaýasyz ýygnamak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: “ak altynly” atyzlarda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.