Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sungatym bar - hormatym bar

22.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýramy mynasybetli ulanylmaga berlen il- -ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli döwrebap binalardyr desgalar ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, halyçylyk sungatynda hem uly ösüşler gazanylýar. Şeýle ajaýyp günlerde ýurt bähbitli belent sepgitlere nazar aýlamak has-da ýakymlydyr. Hut şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanan ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde beýik binalaryň, ajaýyp desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Pähimdar ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek, bina galdyrmak ýaly asylly ýörelgeleri bu günki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramalydaky önümhanasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi hem halkymyz üçin begençli wakalaryň biri boldy. Bu taryhy waka ussat halyçy gyz-gelinlerimiziň şatlygyna şatlyk goşdy. Bu önümhananyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Orazsoltan Baýramowa biziň bilen şatlygyny paýlaşdy.
— Gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan nepis sungat bolan haly dokamak türkmen zenanlarynyň başarnygyny açyp görkezýän hünärleriň naýbaşysydyr. “Okasa oglan — dokasa hatyn” diýip, ata-babalarymyz ýöne ýere aýtmandyrlar. Türkmen halkynyň durmuşynyň, kalbynyň bezegi bolan nepis halylarymyz dünýä gymmatlygydyr. Gözelligiň özboluşly ajaýyplygy bilen öňe saýlanýan halylarymyz dünýä boýunça kämilligiň baýdagy hasaplanylýar. Türkmen halylary, olaryň gadymy nusgalary çitiminiň we reňkleriniň berkligi, nagyşlarynyň sazlaşygy, görnüşleriniň ýakymlylygy, çeperçiligi bilen hakyky sungat eserlerine öwrülendir. Şeýle ajaýyp sungaty ösdürmekde biziň gyz-gelinlerimiziň hyzmaty örän uludyr. Çünki, olaryň haly çuwal, kilim, torba, sandyk örtügi, namazlyk, haly bukja, gapylyk, ululy-kiçili dokaýan nepis halylary geljekki nesil üçin hem nusga, ýadygärlik bolup galýar. Ol türkmen halkymyzyň ruhubelentligi, ýaşaýyş-durmuşynyň hal-ýagdaýydyr, pähim-paýhasynyň ýeten belent derejesidir.
Şu günki günde her bir türkmen maşgalasynyň ojagynyň törüni türkmen halylarymyz bezeýär. Parasatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli amatlyklary bolan döwrebap Baýramaly önümhanasynyň ulanylmaga berilmegi il-günümizi, biziň ussat halyçy gelin-gyzlarymyzy has-da begendirdi. Önümhanamyzda gyz-gelinleriň 25 töweregi zähmet çekýär. Bu ýerde ussat halyçylar ýaşlara görelde bolup, kämil hünärmenleriň kemala gelmegi ugrunda päk zähmet çekýärler. Olardan “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Gurbangül Kulyýewa, Bahar Gurbangylyjowa, Ogulnäzik Annaesenowa, Aýjahan Bukuriýewa, Täzegül Annagylyjowa, Tylla Orazdurdyýewa, Aýbölek Şamsetdinowa täze güýç, yhlas, zehin bilen bu sungata mähir siňdirýärler. Olar halkymyzyň haly önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, döwrebap nusgalary döretmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Milliligimiziň gözbaşy bolan haly sungatymyzy ösdürmekde, öndürmekde, Watanymyzyň gülläp ösmeginde öz goşandymyzy goşup, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny ruhubelentlik bilen zähmet sowgatlaryna besledik. Türkmen halkymyzyň gadymy hem müdimi gymmatlygyna goýýan çäksiz hormatyna öwrülen milli senedimizi ösdürmekde bize döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris — diýip, döwrebap önümhananyň ýolbaşçysy Orazsoltan Baýramowa begençli aýdýar.
Berkarar döwletimizde ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin, ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini mynasyp dowam etdirmek, her bir başlangyjyny goldamak, milli ýörelgelere eýermek, elbetde, mähriban Watanymyzyň ösmegine, özgermegine uly itergi berýär. Şu begençli pursatdan peýdalanyp, Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramalydaky önümhanasynyň müdiri, ussat halyçy Orazsoltan gelnejä hem-de eli çeper halyçy gyz-gelinlerimize milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda çekýän päk zähmetleri üçin rowaçlyk arzuw edýäris. Olara “Daragyňyzyň sesi batly bolsun» diýesimiz gelýär. Çünki, türkmen halysy gyz-gelinlerimiziň sungaty gözellik baýdagydyr.

Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramalydaky önümhanasynyň halyçylarynyň iş wagtyndan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.