Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn” — 2021

22.10.2021

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzda öndürilýän “ak altynyň” mukdary ýyl-ýyldan artýar. Welaýatymyzyň edermen daýhanlary hem döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden, hemaýat-goldawlardan ruhlanyp, ekin meýdanlarynda pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýan edermen babadaýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altynyň” bereketli hasylyny zaýasyz ýygnap almak jogapkärli wezipe bolup durýar. Daýhanlarymyz şu günler ekin meýdanlarynda maňlaý derini döküp, ösdürip ýetişdiren pagta hasylyny isripsiz ýygnamagyň ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Golaýda, Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky daýhan birleşiginde etrap häkimligi jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde medeni hyzmat çäresini geçirdi. Gyzgalaňly zähmetiň gaýnap joşýan günlerinde öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelip, döwletimiziň “ak altyn” harmanynyň beýgelmegine yhlasly zähmetini siňdirýän babadaýhanlarymyzdyr kombaýnçylar medeniýet işgärleriniň ruhy lezzet paýlaýan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Günortanyň çagynda bu dabarada olaryň armasy ýetirildi. Aýdym-sazly çäreler daýhanlara şatlyk paýlap, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňdebaryjy ýygymçylardyr kombaýnçylaryň arasyndaky özara ýaryşyň jemleri boýunça ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: öňdebaryjylara sowgat gowşurylýan pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.