Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
19.10.2021
Kitap — ynsanyň ruhy hazynasy. Kitap okamak bilen adam düşünjesini artdyryp, dünýägaraýşyny giňeldýär. Şoňa görä hem “Kitap okaýan dünýäni, kitap okamaýan görýänini görer” diýilýär. Gahryman Arkadagymyz hem döwlet işinden daşary gyzyldan gymmatly kitaplary bilen halkymyzy yzygiderli begendirip durýar. Golaýda hem milli Liderimiziň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly kitaby halkymyzyň eline gowuşdy. Bu kitap mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistan döwletimizde taryh üçin gysga döwür bolan 30 ýylyň içinde gazanylan beýik ösüşleri, ýetilen belent sepgitleri giňden beýan edýän, Garaşsyzlygyň waspyny ýetirýän suratlar bilen bezelen kitap her bir okyjynyň ýankitabyna öwrüler.
Golaýda munuň bilen baglanyşykly çäre guraldy. Has takygy, welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginde Arkadag Prezidentimiziň bu kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä welaýatymyzyň tälimçileri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Wepa Berdiýew we müdirligiň baş hünärmeni Gadam Öwezow, Ýolöten etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Aganazar Haýtgulyýew, TMÝG-niň Wekilbazar etrap geňeşiniň işgäri Döwlet Baýramow, Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýagmyr Parahadow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzyň gülläp ösüşi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren datly miweleri, ajaýyp kitabyň mazmuny dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halky üçin uly alada edýän hormatly Prezidentimize jan saglygyny, galamynyň mundan buýana hem ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: tanyşdyrylyş dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.