Il saglygy — ýurt baýlygy
15.10.2021
Türkmen halkynyň sagdyn, berk bedenli bolmagy ugrunda ak ýektaýly lukmanlar yhlasly zähmet çekýärler. Olar gije diýmän, gündiz diýmän, halkyň hyzmatynda bolýarlar. Öz zähmetine bolan söýgüsiniň ýokarydygyny alyp barýan işinden hem görmek bolýan lukmanlaryň biri hem Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň endokrinologiýa bölüminiň lukmany Oguljeren Annamuhammedowadyr.
Belarus döwletinde bilim alyp, lukman diýen hünäriň eýesi bolan Oguljeren lukman 5 ýyl bäri bu hassahanada zähmet çekýär. Ol näsaglary mähirli garşy alyp, olara göwnejaý bejergi berýär. Munuň üçin ildeşlerimiz oňa çäksiz hoşallyk bildirýärler.
SURATDA: Oguljeren Annamuhammedowanyň barokamera enjamynda bejergi alýan näsaga gözegçilik edýän pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.