Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gant şugundyrynyň idegi

15.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda obasenagat toplumynyň ösmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu pudakda zähmet çekmek üçin oba hojalyk işgärlerine ähli mümkinçilikler döredilýär. Tohum, dökün, suw, tehnika babatda üpjünçiligi ýetik daýhanlar toprakdan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.
Türkmengala etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň agzybir kärendeçileri hem ene topraga yhlasyny siňdirip, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Hojalykda däne ekişi, pagta ýygymy bilen bilelikde gant şugundyrynyň idegini ýetirmek işi hem gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bir ýerden iki hasyl almagy maksat edinen kärendeçiler bugdaýdan boşan meýdana “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, gant şugundyrynyň ekişini geçirdiler. Gant şugundyrynyň ekilmegi ekin dolanyşygy bolup, topragyň gurplanmagyna hem peýda berýär. Tomsuň yssy günlerine garamazdan, kärendeçiler otag, hatarara bejergi suw tutmak işlerini yzygiderli geçirdiler.
Hojalykda hasyl ussady hökmünde tanalýan kärendeçileriň biri Rahym Amannazarowdyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri beýleki ekinler bilen birlikde gant şugundyryny ekip, ýeterlik tejribe toplady. Rahym aganyň 2 gektar kärende ýerinde gant şugundyry hatar tutup ösüp otyr. Şu günler hem kömekçileriň ýardam bermeginde otag etmek işlerini geçirýär. Dökün berip, yzgaryny ýetirip, ýetişdirýän hasylyndan göwni suw içýän kärendeçi “Maryşeker” kärhanasyna bereketli hasyly tabşyrjagyna uly ynam edýär.
Ussat ekerançy toprakdan bol hasyl almak üçin ähli tagallalaryň edilýändigi üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýdýar. Ol halal zähmet çekip, Watanymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmagy baş maksady hasaplaýandygyny gürrüň berýär.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru —şahu jahan».
SURATDA: kärendeçi Rahym Amannazarowyň şugundyrly meýdanyndan pursat.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.