Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ynsan baradaky alada

28.01.2021

Döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakynda alada döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa adamlara öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam edýär.
“Türkmenistanda Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edildi we şu kanun raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygynyň goralmagy hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygynyň goralmagy çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Şu kanun boýunça raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň kepillendirilen möçberini almaga, maşgala lukmanyny we saglygy goraýyş edarasyny erkin saýlamaga, saglygy goraýyş hyzmatyndan peýdalanmaga, şol sanda lukmançylyk syryny düzýän maglumatlaryň goralmagyna hukuklary bar.
Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda raýatlaryň tölegsiz saglygy goraýyş kömegini, saglygyny dikeldiş bejergisini almaga bolan hukuklary hem-de raýatyň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen lukmançylyk bilermenleriniň seljermesini geçirmekligiň düzgünlerini we olaryň görnüşlerini şu kanun düzgünleşdirýär. Şunuň bilen birlikde kanunda syrkawlaryň we saglygy goraýyş işgärleriniň esasy hukuklary we borçlary, raýatlaryň janyna we saglygyna ýetirilen zeperiň (zyýanyň) öweziniň dolunmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik bellenilendir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredildi. Saglygy gorap saklamak üçin bolsa, her bir adamyň şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmaly däldiris. Jumageldi MOMMAÝEW.
Welaýat adwokatlar kollegiýasynyň Mary şäher ýuridik maslahathanasynyň adwokaty.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygy ugrunda düýpli işler durmuşa geçirilýär. “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” suw arassalaýjy desgalary toplumynda feldşer bolup Döwletgeldi Soltanow birnäçe ýyl bäri zähmet çekip gelýär. Ol toplumyň işgärleriniň sag bolsunyna eýe bolýar. Howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli işgärleriň saglygyny goramakda edilýän aladalardan ugur alyp, häzirki wagtda olaryň saglygyna barlag işlerini geçirýär.

SURATDA: Döwletgeldi Soltanow iş wagtynda. Surata düşüren Azym ŞEKEROW.