Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Ak altyn” — 2021

15.10.2021

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň pagta ýygymy möwsümi ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Tagtabazar etrabynda hem işjeň häsiýete eýe. Etrapda ýetişdirilen pagta hasylyny zaýasyz we irki möhletlerde ýygnap almak işleri guramaçylykly we güýçli depginlerde dowam etdirilýär.
Häzirki günlerde Tagtabazar pagta arassalaýjy kärhanasynyň «Söýünaly» pagta kabul ediş harmanhanasynyň çäginde günsaýyn köpelýän we beýgelýän pagta harmanlaryny göreniňde söz bilen işiň aýry gitmeýändigine göz ýetirýärsiň. Bu ýere getirilen pagta hasyly gijikdirilmän kabul edilýär. Hil gözegçiliginden geçirilip, terezide agramy çekilen pagta hasyly gyradeň ýaýradylyp guradylýar. 3 sany traktor we ýük daşaýjy maşyn pagta hasylyny pagta kabul ediş harmanhanasyna daşamakda ulanylýar. Özleriniň erk edýän tehnikalaryny saz we gurat işledýän mehanizatorlar Döwran Osmanow, Babageldi Agamyradow, Ýazmämmet Ýazmyradow, ýük ulagynyň sürüjisi Jumageldi Hümmetdurdyýew tutanýerli zähmetleri bilen köpleriň sagbolsunyna mynasyp bolýarlar.
Pagta ýygymy möwsüminde 3 müň tonnadan gowrak pagtany kabul edip pagta arassalaýjy kärhanasyna tabşyrýan bu kabul ediş harmanhanasynyň işine tejribeli işgär, baýry pagta sortlaýjy Döwletgeldi Artykow serenjam berýär. Bu ýerde işler talabalaýyk, guramaçylykly alnyp barylýar. Uly hil barlaýjy Ahmet Welnazarow, çekimçi Atamyrat Agamyradow, işçi Aýsa Arnadurdyýew öz işlerine jogapkärli çemeleşip, tapawutlanyp işleýärler.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: pagtanyň hili gözden geçirilýär.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.