Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Baky bagtymyzyň waspy

12.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak örän ähmiýetli wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň golaýda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen taryhy mejlisi hem şeýle wakalaryň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz bu taryhy mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylan netijeler, ýetilen sepgitler barada durup geçmek bilen, öňde duran wezipeler hemde olary ýerine ýetirmek bilen bagly edilmeli işler hakynda giňişleýin gürrüň etdi.
Hormatly Prezidentimiz bu taryhy mejlisiň dowamynda özüniň nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny we ony “Garaşsyzlyk— bagtymyz” diýip atlandyrandygyny habar berdi. Şeýlede, täze eseriň gyzykly hemde peýdaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.
Welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda milli Liderimiziň bu täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular we eneler gatnaşdylar.
Dabarada welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby barada gürrüň berdi.
Jemi 13 bapdan ybarat bolup, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan üç dilde ýokary hilli çap edilen bu ajaýyp eser hakykatdan hem her bir türkmenistanly üçin ajaýyp sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň özüniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda ýazan täze kitabyna “Garaşsyzlyk— bagtymyz” diýip at goýmagynda çuň many bar. Özygtyýarly, Garaşsyz döwletli bolmak ençeme asyryň dowamynda atababalarymyzyň arzuwy boldy. Pederlerimiziň şol arzuwy ýigriminji asyryň ahyrynda, 1991nji ýylyň güýzünde amala aşdy. Watanymyz Garaşsyzlygyny gazandy. Şeýdip, halkymyza ajaýyp döwürde, Garaşsyz döwletde ýaşamak bagty miýesser etdi.
Ykbal kesgitleýji şol taryhy wakadan soň güneşli Diýarymyzyň taryhynda täze eýýam başlandy. Taryh üçin örän ujypsyz döwrüň içinde ykdysady taýdan ösen, kuwwatly Türkmenistan döwleti kemala geldi. Bu günki gün jenneti mekana öwrülen ýurdumyzda halkymyz bagtyýar durmuşda erkana ýaşaýar, zähmet çekýär, dynç alýar. Şeýle ajaýyp döwrüň, bagtyýar durmuşyň gözbaşynda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyz dur.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Sakarçäge etrabyndaky 1nji orta mekdebiň mugallymy, hormatly ene Zybagözel Myradowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň direktory, Tiirkmenistanyň at gazanan senagat işgäri Öwezdurdy Çaşaýew, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň baş redaktory Muhammetdurdy Saparlyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň “Garaşsyzlyk— bagtymyz” atly kitaby, onuň manymazmuny barada giňişleýin gürrüň edip, bu kitabyň Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýylýazgysydygyny, şonuň bilen birlikde hem täze neşiriň maksadynyň diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdygyny, hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň baky bagtymyzyň waspy bolup ýaňlanýandygyny bellediler.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, Türkmenistanyň agzybir halkynyň bagtyýar geljegini üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan bimöçber işlerinde üstünlikleriň hemişe hemra bolmagyny, milli Liderimiziň galamynyň ýiti bolmagyny, bimöçber giň pähimpaýhasyndan hasyl bolýan şeýle kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar welaýatyň ähli ilatynyň adyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasy welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdymsazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Ýörite habarçymyz.
SURATDA: dabaradan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.