Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

11.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramakda, berkitmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, anyklaýyş merkezleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy. Lukman Arkadagymyzyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dürli ýaşly raýatlaryň, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň saglygy barada yzygiderli aladalanýarlar.
Tagtabazar etrap hassahanasynyň işgärleri hem ynsan saglygy ugrunda aladalanyp, yhlasly zähmet çekýärler. Ençeme ýyl bäri saglyk ulgamynda zähmet çekip, halypalyk derejesine ýeten lukmanlaryň biri hem Hudaýnazar Babanazarowdyr. Ol M. Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetini üstünlikli tamamlaýar. Kalby päk lukman 27 ýyldan bäri şol hassahanada işläp, onuň 14 ýylyny iç keselleri bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
Işbaşarjaň ýolbaşçy lukman bölümiň zähmetsöýer işgärleri bilen näsaglap gelýän raýatlara halal zähmetini siňdirip, olaryň aýak üstüne galyp, ýüzleriniň gülüp, sag aman öýlerine dolanmagyny gazanýarlar. Ol bölümiň uly şepagat uýasy Maýa Begjikowa, Solmaz Kiçiýewa, Altyn Täçliýewa dagy halypa lukmanyň görkezmesi bilen hassalaryň sanjym işlerini ýerine ýetirýärler. Öz käriniň ussady Hudaýberdi lukmandan şypa tapan raýatlar bolsa, oňa mähirli hoşallyklaryny bildirýärler. Halypa lukman häzirki wagtda döreýän ýokanç kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtügini dakynmagy, 2 metr aralygy saklamagy, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmegi maslahat berýär.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: hassahananyň iç keselleri bölüminiň müdiri Hudaýnazar Babanazarow iş wagtynda. Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.