Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Hatyra güni bellenilip geçildi

08.10.2021

Garaşsyzlygyny gazanan türkmen halky asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gadymy däp-dessurlaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna dolandy. Asyrlardan gözbaşly bu ýörelge dana halkymyzyň belent ynsanperwerliginiň asylly ýörelgesidir. Öten-geçenlerini ýatlamak, hatyralamak il-günümiziň tapawutly aýratynlygydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň bu ýörelgesi täze many-mazmuna eýe boldy. Däp bolşy ýaly, her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni uly il bolup bellenilip geçilip, ol gün ata Watan, ene toprak üçin şirin janlaryny gurban eden merdana gahrymanlarymyz, 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije türkmen halkynyň başyna uly apat bolup inen Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan onlarça müň ildeşlerimiz hatyralanýar. Şeýle hem şol gün il-günümiz öten-geçenlerini ýatlaýar we hatyralaýar.
Mälim bolşy ýaly, düýn Garaşsyz döwletimiziň ähli ýerinde Hatyra güni bellenilip geçildi. Hatyra güni ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da bellenildi. Şol gün gonamçylyklarda arassaçylyk işlerini geçirmek has-da köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Munuň özi gadymy halkymyzyň öten-geçenlerini hatyralamak däbine örän uly ähmiýet berýändigini ýene bir gezek äşgär etdi. Gadymdan gelýän şeýle asylly däbe eýerýän halkymyzyň geljeginiňem abadan boljakdygy ikuçsuzdyr. Sebäbi, dana ata-babalarymyzyň “Ölüsini sylan beg bolar, dirisini sylan baý” diýen pähimi il-günümiziň ynsanperwerlik ýörelgesi bolup dowam edýär. Şeýle hem Hatyra güni sadakalar berlip, öten-geçenler ýatlanyldy. Sadakalarda aýat-töwir okalyp, merhumlarymyzyň ruhlarynyň şat, jaýlarynyň jennet bolmagy dileg edildi.
Beren sadakalaryňyz, eden ýagşy dilegleriňiz kabul bolsun!

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.