Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Edep-terbiýäniň gözbaşy

04.10.2021

Ýaşuly nesliň baý zähmet we durmuş tejribesi ýaş nesil üçin tapylgysyz mekdep. Aslynda, ýaşuly nesliniň sylag-sarpasyny belentde tutmak türkmen halkynyň asylly däpleriniň biri. Her bir tutumly işiň başyna baryljak bolnanda ýaşululara sala salmak, olar bilen geňeşmek gadymdan gelýän ýörelgämiz. Şeýle ýörelgä eýerýän Gahryman hem mähriban Prezidentimiz il sylagly ýaşulularymyza, dilleri senaly mährem enelerimize uly sarpa goýup, her bir tutumly işlerde ýaşululara sala salyp, olar bilen maslahatlaşýar. Onsoňam, ýaşuly neslimiz biz, ýaşlar üçin edep-terbiýäniň, görüm-göreldäniň tapylgysyz mekdebidir.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da Ýaşulularyň halkara güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilip geçildi. Şu sene mynasybetli baýramçylyk çärelerinde dili senaly ýaşululardyr mährem eneleriň adyna aýdylýan gutlag sözleri we aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp, Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýaşuly we ýaş nesilleriň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Resul Baýramow şäheriň ýaşaýjylary, zähmet weteranlary Allaýar Ýalkabow bilen Altyn Mämmedowa baýramçylyk mynasybetli gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Nilufar MADRAIMOWA.
TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.
SURATDA: sowgat gowşurylyş dabarasyndan pursat.