Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýaşulularyň halkara güni dabaraly bellenilip geçildi

04.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşuly neslimize uly hormat-sarpa goýulýar. Ata Watanymyzda her bir tutumly iş ýaşulularymyz bilen maslahatlaşylyp alnyp barylýar.
Özleriniň manyly ömürlerini gerdenine atan, durmuşyň ýagşylyklaryna şärik bolan ýaşulularymyzyň sarpasy belentdir. Her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ine bolsa, Ýaşulularyň halkara güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Akyl-paýhasyň eýesi bolan ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp welaýat häkimliginiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TSTP-niň welaýat komitetiniň, TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Wekilbazar etrabynyň medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi.
Oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň ýolbaşçylary, işgärleri we işjeň agzalary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çärede TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow hormatly ýaşululara gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Şeýle-de, TAP-nyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Sapa Süleýmanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Seýitmyrat Atamuradow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşuly neslimize goýulýan sarpa, Gahryman Arkadagymyzyň olary mähir-alada, sylag-sarpa bilen gurşap alýandygyny aýtmak bilen, olara berk jan saglygy, döwletli öýleriň töründe bezeg bolup ömür sürmegi arzuw etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda hormatly ýaşulularymyza, mährem enelerimize baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Soňra sahnada bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeklerinde Watan, Arkadag, ýaşulularymyz wasply aýdym- -sazlar ýaňlandy.
Baýramyňyz gutly bolsun, hormatly ýaşulular!

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.