Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni

01.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň pähim-parasatly ýaşulularyna, kümüş saçly enelerine uly sarpa goýulýar. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine, däp-dessuryna, edim-gylymyna, türkmeniň milli aýratynlyklaryna eýerýän Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Munuň üçin il sylagly ýaşulularymyzyň, ýüzleri nurana eziz enelerimiziň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary egsilmezdir.
Ýaşuly nesilleriň manyly ömri, baý durmuş tejribesi diňe bir öý-ojaklarymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň guwanjy, buýsanjy hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz hem beýik işleriň başyny başlanda ýaşulularymyza sala salýar. Şolaryň maslahatyna eýerýär.
Ajap zamanamyzda il sylagly ýaşuly neslimize hemişe sarpa goýýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Hajar GARRYÝEWA.
TMÝG-niň Wekilbazar etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.