Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Şanly senäniň şanyna

29.09.2021

Gadym türkmen topragynda uly toýuň dabarasy dünýä doldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan--şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly senäniň — Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylygy ata Watanymyzyň çar künjeginde belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň waspy alyslara aşdy. Şanly senäniň toý-dabarasy biziň welaýatymyzda-da aýratyn şatlyk-şowhun, ýokary ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanylan uly üstünlikler buýsandyrsa, ösüş-özgerişli aýdyň ýolumyzyň rowaçlanmagyna itergi berjek täze wezipeler döredijilikli zähmet çekmäge borçly edýär.
Düýn mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli Mary şäheriniň merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda baýdak galdyrylyş dabarasy boldy. Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň Döwlet senasyny ýerine ýetirmekleriniň tolgundyryjy owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly galdyryldy. Şanly senäniň şanyna bagyşlanan bu dabaraly pursat oňa gatnaşanlarda buýsanç duýgusyny döretdi. Soňra baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew çykyş etdiler. Olar ýygnananlary şanly sene bilen gutlap, bagtyýarlyk zamanamyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýetilen belent sepgitler dogrusynda durup geçdiler. Bu baýramçylyk dabarasy medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konsertleri bilen dowam etdirildi. Şirin aýdym-sazlarda ata Watanyň, Garaşsyzlygyň waspy guwançly ýaňlandy. Tansçylaryň şowhunly çykyşlary dabaranyň şatlygyna şatlyk goşdy. Şanly senäniň şanyna Mary şäherinde asmana atylan dürli görnüşli we öwüşginli baýramçylyk feýerwerki welaýat merkeziniň ýaşaýjylarynda we ony synlan myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabarasynyň dag aşandygynyň subutnamasy boldy.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.