Raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasy
28.09.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymy türkmen topragynda toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda geçirilýän şu günki dabaraly çäräniň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna gabat gelmeginiň ähmiýeti uludyr. Çünki, bu baýramçylyk günlerinde biri-biri bilen utgaşyp gelýän buýsançly wakalar halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşynyň kepilidir.
Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlygy hem-de ygtyýarlygy bolmadyk adamlara Gahryman Arkadagym
\yzyň gol çeken ynsanperwer Permanyna laýyklykda raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat häkimliginiň, polisiýa müdirliginiň şeýle-de migrasiýa müdirliginiň işgärleri gatnaşdylar. Raýatlyklary we ygtyýarlyklary bolmadyk adamlara raýatlyk pasportynyň gowşurylmagy ýurdumyzda döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adam bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. “Türkmenistanyň raýaty” diýen ada mynasyp bolmak Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, ony janyňdan eziz görüp söýmek duýgusyny artdyrýar.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çäreden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.