Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

24.09.2021

Enäniň we çaganyň saglygyny goramakda Tagtabazar etrap hassahanasynyň “Sandykgaçy” oba saglyk merkeziniň göbegeneleridir lukmanlary, şepagat uýalary öz üstlerine ýüklenen jogapkärçiligi oňat bilýärler. Olar çaganyň sagdyn dünýä inmegi, enäniň bolsa çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üçin yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle hoş sözli göbegeneleriň biri hem Bibihatyja Ýowşanowadyr.
Bibihatyja Ýowşanowa enelere ene süýdüniň ähmiýeti, çaganyň ösüşi dogrusynda maslahatlary berýär. Oba saglyk merkezinde gujagy bäbekli eneleri göreniňde arzyly käriniň eýesi Bibihatyjanyň päk ýürekden çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigini görmek bolýar. Akja bäbekleri eline alan eneler bolsa oňa yhlasly zähmeti üçin hoşallyk bildirýärler.

SURATDA: Oba saglyk merkeziniň göbegenesi Bibihatyja Ýowşanowa iş wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.