BEÝIK GARAŞSYZLYK SALANSOŇ ÝALKYM, BEDEW BADY BILEN GALKYNÝAR HALKYM.
24.09.2021
21-22 nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda Söwda senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gözden geçiriliş aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Senagat ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtalýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk de möhüm işleriň durmuşa geçiriljekdigini, berkarar döwletimizi dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatyň doly derejede amala aşyryljakdygyny belleýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça deňsiz taýsyz işleri şöhlelendirýän köp sanly diwarlyklar munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu işleriň ählisi milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Innowasion tehnologiýalara we nou haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Gözden geçirilişiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem, ykdysady pudaklaryň kuwwatyny, olary ösdürmekde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri, esasysy bolsa, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwlet hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu sergini guramaga döredilen mümkinçilik, ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, onuň dünýä giňişligine goşulyşmagyna hem de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
“Maru — şahu jahan”.