Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

22.09.2021

Birnäçe ýyl bäri ýadawsyz zähmeti bilen ynsan saglygyny goramakda göreldeli zähmet çekýän lukmanlaryň biri-de Türkmengala etrabynyň Hasyl geňeşliginiň Hasyl oba saglyk merkeziniň müdiri Rejep Meredowdyr.
R. Meredow indi halypa lukmanlaryň hatarynda tanalýar. Saglyk merkezinde ak ýektaýly lukmanyň göreldesine eýerip, zähmet çekýän lukmanlaryň sany barha artýar. Rejep lukmana saglyk merkeziniň şepagat uýasy Alma Aňňalowa hem ýakyndan ýardam berip, il alkyşyna mynasyp bolýar.
Bagtyýar zamanamyzda ynsan saglygy ugrunda, öz käriniň ussady bolup, irginsiz zähmet çekýän Rejep lukman her bir gelýän raýata agyz-burun örtügini dakynmagy, 2 metr aralygy saklamagy, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi nygtap-nygtap aýdýar.

SURATDA: saglyk merkeziniň müdiri Rejep Meredow iş wagtynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.