Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Pagta — 2021

22.09.2021

Ak bagtymyza deňelýän ak pagtadan alynýan önümler biziň durmuşymyzda gündelik ulanylýar. Halkymyzda “Ak zat alnyňa ýagşy” diýilýär. Muňa oňat düşünýän pagtaçy kärendeçiler ýylyň-ýylyna gowaçanyň bereketli hasylyny öndürmegi başarýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem welaýatymyzyň “ak altyn” ussatlary bol pagtany kemala getirip, Watan harmanyna tabşyrýarlar. Bu işe Türkmengala etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem goşantlaryny goşýarlar. Daýhan birleşigi boýunça üstümizdäki ýylda 445 gektar ýerde gowaça ösdürilip ýetişdirildi. Bol hasyla bürenip oturan gowaçalara guwanýan hojalygyň daýhanlary guramaçylykly ýagdaýda pagta ýygymyna girişdiler. Bir hanadan çöpläp, belent harmanlary döredýän daýhan ellerine “Berekella” diýýärsiň. Olar günde birnäçe tonna “ak altyny” pagta daşaýjy awtoulaglar bilen etrap pagta kabul ediş harmanhanasyna ugradýarlar. Hojalygyň hasyl meýdanynda kärendeçileriň çekýän zähmetini synlanyňda olara guwanýarsyň. Olaryň keýpleri çag, ruhlary belent. Daýhanlar her bir işi agzybirlikde alyp barýarlar. Bu ýerde tejribeli, köplere görelde bolmagy başarýan kärendeçileriň biri hem Aýnagözel Ylýasowadyr. Ol idegini ýetirýän 3 gektar ýerinde pagta hasylyny ýygnap, “ak altyn” harmanlarynyň barha beýgelmegine mynasyp goşant goşýandygyny buýsanç bilen aýtdy. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, hojalykda alnyp barylýan işler hojalygyň ýolbaşçy hünärmenleri bilen özara pikir alşylyp ýerine ýetirilýär. Beýle edilmegi özüniň oňyn netijesini hem berýär.
— Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça bu pudagyň işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri ýer eýelerini belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Tohum, dökün, suw, himiki serişdeler, tehnika bilen üpjünçiligi gowy daýhanlar ene topraga ekleýjisi hökmünde garap, çekýän zähmetleriniň rehnetini görýärler — diýip, hojalygyň başlygy Hangeldi Amanow gürrüň berýär.
Hojalykda zähmet gaýnap joşýar. Pagtaçy kärendeçiler ir säher bilen köpçülikleýin işe girişýärler. Pagtanyň bir übtügini hem galdyrman ýygnamaga kärendeçilere kömekçi gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýärler.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: pagta meýdanynda işleriň alnyp barlyşyndan pursat.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.