Il saglygy — ýurt baýlygy
20.09.2021
Saglygynyň baş baýlykdygyna düşünýän her bir ynsan öz saglygy babatynda aladalanýar. Adamlar wagtal-wagtal lukman gözegçiliginden geçip durýarlar. Olaryň maslahatyna eýerip, zerur bolan bejergileri alýarlar. Bu babatynda adamlar elleri şypaly, dilleri dertleriň dermany bolan lukmanlara alkyş aýdýarlar.
Şeýle alkyşlara mynasyp bolýan lukmanlaryň biri hem Kakabaý Saparowdyr. Kakabaý lukman ençeme ýyl bäri Mary etrap hassahanasynda gulak, burun, bokurdak lukmany bolup zähmet çekip gelýär. Ol kärdeşleriniň hem-de bejergi almaga gelýän adamlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Ol işbaşarjaň lukman hökmünde ýaş lukmanlara-da maslahat berýär.
SURATDA: Kakabaý Saparow iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.