Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Pagta — 2021

20.09.2021

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem pagta ýygymy gyzgalaňly dowam etdirilýär. Türkmengala etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasylyny öndürmekde adygan hojalyklaryň biri. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda topraga hyzmat edip, rysgaldyr berekedi şondan gözleýän pagtaçy daýhanlar gowaçanyň bolsady ekilen ýaly bol hasylyny ýetişdirdiler.
Kakajan Seýitmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary badalga berlen günden ruhubelentlik bilen pagta ýygymyna girişdiler. Hojalykda 721 sany kärendeçiniň yhlasly zähmeti bilen 1486 gektar ýerde kemala getirilen “ak altynly” pellerde zähmet joşýar. Giňiş meýdanda ýaýylyp ýatan gowaçalaryň hasyly boldumly, pagtaçylaryň keýpleri çag. Daýhanlaryň hyjuwly zähmeti olaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna uly ýeňişler bilen barjagyna ynam döredýär.
Daýhan birleşiginiň “ak altyn” ussatlaryna meýdandaky hasyly ýygnamaga kömekçi gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Olardan Şemşat Jumanazarowa, Şemşat Kömekowa has hem tapawutlanyp işleýärler. Gelin-gyzlar özara ýaryşyp işleýärler. Bu bolsa hasylyň köp ýygnalmagyna ýardam edýär. Kömekçileriň her biriniň gündeki gapana goýýan pagtasynyň agramy 70-80 kilogramdan geçýär. Olar gündeki ýygýan hasyllaryny artdyrmaga çalyşýarlar. Her bir oba hojalyk işgäriniň maksady ýylýüzi zähmet çekip ýetişdirilen hasyly wagtynda ýitgisiz ýygnamakdan ybarat.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: ýygymçy kömekçiler.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.