Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

17.09.2021

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, yhlasly zähmet çekýän lukmanlar ynsan saglygyny dikeltmekde uly aladalar edýärler. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, bejermekde saglyk ulgamynyň işgärlerine jogapkärli wezipeler düşýär. Şeýle jogapkärli wezipeleriň hötdesinden gelýän lukmanlaryň ençemesi gije-gündiz näsaglaryň sagalmagy ugrunda aladalanýar. Her bir raýatyň saglygyny dikeldip, ýüzlerinde begençli ýylgyryşy görýän lukmanlar özleriniň päk zähmetiniň ýerine düşýändigine guwanýarlar.
Tagtabazar etrap hassahanasynyň iş tejribesi ýetik lukmanlarynyň hem ynsan saglygyny bejermekde çekýän yhlasly zähmetini iş ýüzünde görmek bolýar. Ýadawsyz zähmeti bilen raýatlaryň saglygyny goramakda göreldeli zähmet çekýän lukmanlaryň biri-de hassahananyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölüminiň onkologiýa otagynyň lukmany Babageldi Hümmetgulyýewdir. Lukman ýüz tutup gelýän näsaglary degişli barlaglardan geçirip, barlagyň netijesinde olara lukmançylyk kömegini berip, olara dogry iýmitlenmegi, säheriň arassa howasynda gezim edip, maşklary ýerine ýetirmegi, melhem otlardan taýýarlanylan çaýlary içmegi maslahat berýär.
Onkologiýa otagynyň şepagat uýasy Ogulgerek Hudaýnazarowa, Babageldi lukmanyň görkezmeleri esasynda hassalaryň sagalyp gitmegi ugrunda aladalanýar. Näsaglar bölümiň agzybir işgärlerine ak ýürekden edýän hyzmatlary üçin hoşallyk bildirýärler. Lukmanlar bölüme gelýän raýatlara häzirki wagtda ýüze çykýan ýokanç kesellerden goranyp, agyz-burun örtüklerini dakynmagy, 2 metr aralygy saklamagy, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegi ýatladyp durýarlar.

A. DAŇATAROWA.
SURATDA: hassahananyň onkologiýa otagynyň lukmany Babageldi Hümmetgulyýew iş wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.