Pagta-2021
17.09.2021
Welaýatymyzyň «ak altyn» ussatlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýetişdirilen hasyly ýygnamak işini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýetişdirilen bereketli pagtany çalt we isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda Ýolöten etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň agzybir pagtaçy kärendeçileri hem guwandyryjy netijeleri görkezýärler.
Daýhan birleşiginiň zähmetsöýer pagtaçylary 788 gektar ýerde bereketli hasyly kemala getirdiler. Wagtynda ýokary hilli ekiş geçirilip, agrotehnikanyň talaplaryna görä idegi ýetirilip ýetişdirilen pagtadan ýer eýeleriniň göwünleri hoş. Indiki wezipe hem ýetişdirilen pagtany wagtynda ýygnamakdan ybarat. Muňa oňat düşünýän hojalygyň kärendeçileri ir ertirden giç agşama çenli pagta meýdanlarynda zähmet depginlerini gowşatmaýarlar. Daýhan birleşiginde 12 topar bar. Toparyň kärendeçileri ak pagtany ýygnamakda özara bäsleşip işleýärler. «Ýaryşly iş — ýeňişli iş» diýlişi ýaly, bu özüniň oňyn netijesini hem berýär. Esasan hem Şiraly Rahmedowyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji toparynyň kärendeçileri tapawutlanyp işleýärler.
Hojalygyň başlygy Aýdo Ahmedow bilen pagta meýdanynda gabatlaşanymyzda:
— Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bereketli hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Daýhan birleşigimiziň kärendeçileri hem berilýän eşretlerden ruhlanyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar. Hojalygymyzda işine ökde, zähmetsöýer kärendeçileriň birnäçesi bar. Olardan Dürbibi Janmämmedowanyň, Gülnäz Dathudaýewanyň, Sahiba Ahmedowanyň, Sabjan Janmämmedowanyň atlaryny agzamak bolar. Olaryň hersi 1 gektar ýere eýelik edip, ýylyň-ýylyna bugdaýdyr gowaçanyň bitginli hasylyny ýetişdirýärler. Az ýerden bol hasyl almagy maksat edinýän pagtaçy kärendeçiler üstümizdäki ýylda hem bereketli hasyl ýetişdirip, ilkinjileriň hatarynda pagta ýygymyna girişdiler — diýip gürrüň berdi.
Hawa, daýhan birleşiginiň pagta meýdanlarynda zähmet gaýnap joşýar. Pagtaçy kärendeçilere kömekçi gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Olar günde gapana goýýan ganarlarynyň agramyny artdyrmaga çalyşýarlar.
Biz hem “ak altyn” ussatlaryna: “Harmanyňyza bereket, edermen pagtaçylar!” diýýäris.
D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: hojalygyň pagta meýdanynda işleriň alnyp barylýan pursaty.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.