Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bellenilip geçildi
17.09.2021
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň taryhy wakasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda türkmen ili şanly senäni — Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi uly dabara bilen belläp geçdi. Uly toýuna barýan halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şanly ýylymyzy zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar.
Geçen şenbe güni welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda gürrüňi edilýän baýramçylyk mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri hem-de ýokarda ady agzalan pudaklaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew hormatly Prezidentimiziň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine Gutlagyny okady. Ýygnananlary toý dabarasy alyslara aşan Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen mähirli gutlady we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra maslahatda Mary DES-iniň gazturbina sehiniň başlygynyň orunbasary Atamyrat Haýdarow, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň sanly elektronika we elektronika kafedrasynyň mugallymy Merdan Orazmeredow, “Maryenergo” önümçilik birleşiginiň relegoragy, awtomatika we ölçeg bölümçesiniň ussasy Parahat Orazmämmedow, “Marynebitgazgurluşyk” trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň meýilnama-önümçilik bölüminiň başlygy Kerwen Durdyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ýygnananlary şanly sene bilen gutlap, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Dabaraly maslahatda gurluşykda, energetika pudagynda we jemagat hojalygynda zähmet çekýän önümçiligiň öňdebaryjylaryna gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu baýramçylyk maslahatynda aýdym-sazlaryň ýaňy belentden ýaňlanyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyny äşgär etdi. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
B. MERGENOW.
SURATDA: dabaraly maslahatdan pursat.
Suratlary düşüren
Şamyrat AMADOW.