Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

10.09.2021

“Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz” diýleni. Akbegenç Hümmedowa-da ejesi Arzygül Bäşimowa ýaly mugallym bolup, ýaş nesle bilim we terbiýe bermegi kalbynda ýaşlykdan besleýär. Haçan-da, ol orta mekdebi tamamlan soň maşgala agzalaryna ýürek arzuwyny mälim edýär:
— Eje, menem siziň ýaly mugallym bolup ýetişmegi arzuw edýärin. Rugsat berseňiz Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine güýjümi synap görjek. Ejesi gyzynyň buýsançly sözüne guş bolup uçup bilmedi. :
— Berekella gyzym, senden tamam hem şeýledi — diýip, mährem ene gyzyny buýsanç bilen gujaklady.
Arzygül mugallymyň gyzy Akbegenç arzuwyna ýetdi. Uly ynam, käre bolan söýgi, ukyp, başarnyk Akbegenç Hümmedowa giň ýol açdy. 2007-nji ýylda Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlady. Hyjuwly, ýaş gyz ozalky bilim alan mekdebinde işläp başlaýar.
Mugallym ejesiniň arzyly kärine eýe bolan Akbegenç Hümmedowa Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginde ýerleşýän döwrebap 20-nji orta mekdepde 14 ýyldan bäri 3-nji synp okuwçylaryna bilim we terbiýe berýär. Oňa ejesi 37 ýyl tejribeli Arzygül mugallym halypalyk edýär. Akbegenç mugallym ejesiniň iş tejribesinden ugur alýar. Ol başlangyç synp okuwçylary bilen gündelik geçýän sapaklarynyň täsirli we özüne çekiji bolmagy ugrunda irginsiz işleýär. Ýaş mugallym her sapak geçende okuw-görkezme esbaplaryndan hem-de sanly bilim ulgamynyň ösen multimediýa tehnologiýalaryndan ugur alýar. Munuň özi Akbegenç mugallymyň arzuwynyň ýerine düşýändigidir.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: başlangyç synp mugallymy A. Hümmedowa sapak wagtynda.