Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişildi
10.09.2021
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer, işjanly pagtaçylary Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, hemaýat-goldawlary bilen bereketli pagta hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Ýer eýeleriniň, kärendeçileriň suw tohum we dökün, oba hojalyk tehnikalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegi, olara edilýän çykdajylaryň deň ýarysyny döwletiň tölemegi, tabşyrylan pagta hasyly üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi üstünligiň şertidir.
Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan pagtanyň boldumly hasylyny ýygnap, uly zähmet ýeňişlerini gazanjakdyklaryna, belentden-belent sepgitlere ýetjekdiklerine uly ynam bildirdi.
Pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin hormatly Prezidentimiz Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşulularyň pagta ýygymyna “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Daýhanyň alyn deri bilen ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz, gysga möhletde ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak jogapkärli, möhüm wezipedir. Gowaça meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylynyň çalt we ýitgisiz ýygnalmagy bu möhüm çäräni geçirmegiň guramaçylyk derejesine köp babatda baglydyr. Şu talaba eýerilip, meýilnama görä, pagta ýygymyna gatnaşmaly mehanizatorlar bilen okuw maslahatlary guraldy. Pagta ýygyjy kombaýnlar, hasyl daşaýjy ulaglar tehniki taýdan gözden geçirilip, abatlanylyp, taýýar edilip goýuldy. Harmanhanalarda, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýyglan hasyly gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul etmek işleri ýola goýuldy.
Milli Liderimiziň ak patasyna eýerilip, pagta ýygymy möwsümine girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, şäherleriň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň, obasenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Geňeşleriň arçynlary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, agronomlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahaty welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Häkim Murgap jülgesiniň edermen kärendeçileriniň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda 180 müň gektar meýdanda bereketli pagta hasylyny ýetişdirendiklerini aýtdy. Häzirki günlerden ýetip gelen pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmäge ählitaraplaýyn guramaçylyk işleriniň geçirilendigini belläp geçdi.
Welaýat häkimi bereketli hasyl ýetişdirmekde türkmen daýhanyna ýeňillikleriň, hemaýatlaryň berilýändigi, önüm öndürijileriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi, şeýle-de, pagta ýygymynyň başlanmagyna ak pata berendigi üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdi.
Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Çaryýarguly Hammaýew, Türkmengala etrabynyň “Täze dünýä” daýhan birleşiginiň başlygy Daňatar Saparow, Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmyrat Täşliýew, Sakarçäge etrabynyň “Ak ýap” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şemşat Rahmanowa çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalaryndan, hemaýat-goldawlaryndan, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ruhlanyp işleýän «ak altyn» ussatlary pagtanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmäge we netijeli jemlemäge pagtaçylar bilen bile obasenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin tehniki hyzmat ediş toparlary döredildi. Pagtasy kombaýnlar bilen ýygnaljak gowaça meýdanlaryny ýygyma taýýarlamak, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliýasiýa çärelerini netijeli geçirmek, şular we beýleki wezipeler dogrusynda, pagta ýygymyna girişmek we ýokary hilli geçirmek barada maslahatda çykyş edenler düýpli gürrüň etdiler, milli Liderimize alkyşly sözler aýtdylar.
Pagta ýygymyna girişilmegine bagyşlanyp, Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň gowaça meýdanynda toý dabarasy başlandy. Märeke üçin bezemen gurnalan ak öýleriň hatary, el işleri bilen meşgullanýan gelin-gyzlar, aýdyma gygyrýan bagşy-sazandalar, al-asmanda pasyrdaýan dürli reňkli baýdaklar, töweregi “ak altyn” bilen gurşalan bezemen sahna toýhananyň şowhunyny has hem artdyrdy.
Garaşylan pursat gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen il sylagly ýaşulular döwletli işiň başyny başladylar. Olar ýagşy arzuwlar bilen, “Bismilla” edip, ilkinji ak hanalary sogrup, ýygyp başladylar. “Harmanyňyza bereket!”, “Rysgally ýyl bolsun!” diýen dilegler tüýs ýürekden ýaňlandy.
Pagta hasylynyň ilkinji tonnalary ýüklenen, baýramçylyk görnüşde bezelen awtoulag kerweniniň pagtany gaýtadan işleýän kärhana gelmegi bilen ilkinji tonnalary kabul etmek başlandy. “Ak altynly” awtoulaglar yzy üzülmeýän kerwen bolup gapandan geçýärler. Bu ýere üýşen mähelle pagta hasylynyň ilkinji tonnalarynyň tabşyrylyp başlanmagy bilen birek-biregi mähirli gutlap, rysgal-döwletiň ýar bolmagyny arzuwladylar.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: pagta ýygymyna girişilmegine bagyşlanyp geçirilen dabaraly çäreden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.