Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi

07.09.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda syýasy, ykdysady we medeni taýdan giň gerimli ösüşler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 27-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde häzirki wagtda ekişiň golaýlap gelýändigi bilen baglylykda, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňlerinde örän wajyp wezipeleriň durýandygy barada nygtap geçdi. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulýan häzirki günlerinde, bugdaý ekişi möwsümini gysga möhletde, agrotehniki çärelere laýyklykda, çalt we ýokary hilli geçirmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji sentýabryndan başlap, galla ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berýändigini aýdyp, ýörgünli däbe görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini nygtady.
Murgap jülgesiniň edermen hasyl ussatlary täze ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar ýere bugdaý ekmegi borç edinýärler. Ekiş geçirilmeli ýerler ýokary derejede sürülýär, ýeňil tekizleşik, dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Bu işleri guramaçylykly geçirmekde Arkadag Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kämil häzirkizaman tehnikalarynyň güýjünden peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladasy bilen tohumlyk bugdaýyň hil derejesine ýylyň-ýylyna aýratyn üns berilýär. Ýokary hilli tohumlyk bugdaý ekişe doly taýýarlanylyp goýuldy. Ekiş geçirmeli tehnikalar irgözinden gözden geçirilip, abatlanyldy. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleridir abatlaýjy ussalarynyň tutanýerli zähmetleri bilen tehnikalar ýokary taýýarlykda goýuldy. Bugdaý ekişine ýokary tutumlar bilen gelen gallaçy kärendeçilerimiz berekediň ekişe baglydygyna oňat göz ýetirýärler.
Welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişilmeklige bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, şäherleriň, etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, obasenagat pudagyna degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Geňeşleriň arçynlary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, gallaçylarymyzyň bugdaý ekişine taýýarlykly gelendiklerini belläp geçdi. Milli Liderimiziň täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmäge ak pata bermegi bilen biziň welaýatymyzda hem bu wajyp çärä guramaçylykly girişilip, ýokary hilli, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ekişiň bellenilen meýilnama boýunça geçiriljekdigine ynam bildirip, daýhanyň ýakyn hossary Gahryman Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdi.
Soňra çykyş edenler — welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Sakarçäge etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Begenç Meredow, Sakarçäge etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşiginiň kärendeçisi, topar ýolbaşçysy Gülnahal Esenowa, Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Meretdurdy Amanow bugdaý ekişine ýerleriň, tehnikanyň, tohumlyk dänäniň we gerek bolaýjak beýleki serişdeleriň taýýardygy barada anyk maglumatlary belläp geçdiler. Olar oba hojalygyny özgertmekde önüm öndürijilere hemaýat-goldawlary berýän, olaryň zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän milli Liderimize ýürek alkyşlaryny aýtdylar.
Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň bugdaý ekişine birkemsiz taýýarlanan ekin meýdany, hatara goýlan tehnika bilen daş-töweregi gallanan atyzyň göze gelüwli ýerinde ýerleşdirilen bezemen sahnada, hormatly Prezidentimiziň nurana keşpli suraty hemmeleriň ünsüni özünde jemleýär. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy göwünleri galkyndyrýar, ruhubelentlik paýlaýar.
Ekiş geçiriljek atyzyň gyrasynda yzyna ekijiler tirkelen traktorlar, ätiýaçlyk şaýlarynyň sergileri tehnikanyň gurat işledilip, bökdençsiz hereket etjekdiginden habar berýär. Toý äheňinde bezelen, gadymy türkmen obalaryny ýada salýan hatar tutup oturan türkmeniň ak öýleri, ak bugdaýyň unundan bişirilen mele-myssyk çörek we çörek önümleri, senetçilik bilen meşgul bolýan gelin-gyzlar, belentden ýaňlanýan şirin owazlar toý şowhunyny has-da belende göterýär.
Ýerleriň bugdaý ekişine taýýarlanylyşy, tohumçylyk işiniň aýratynlyklary, gerbisidleriň, mör-möjekleriň we keselleriň ýaýramagyna garşy ulanylýan himiki we bioserişdeleriň, tehnikanyň ekiş möwsüminde ulanylyşy barada ýörite hünärmenler düşündiriş, maslahat beriş işlerini geçirýärler. Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen il sylagly ýaşulularymyz “Bisimilla” diýip, topraga bereket tohumyny sepip başladylar. Bugdaý ekijileri asylan traktorlaryň hereketi bilen ekiş möwsümine girişildi.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: welaýatymyzda täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişilmeginden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.