Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Biziň ruhy çeşmämiz

03.09.2021

Kitap okamak ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýär, onuň akyl we bilim taýdan ösmegine kömek edýär. Kitap her bir ynsanyň iň ýakyn hemdemi, syrdaşy, dostudyr. Perzent terbiýesinde ata-babalarymyzyň, gaýta-gaýta tekrarlaýan nesihatlarynyň biri-de, kitaby köp we üznüksiz okamakdyr. Çünki, ol ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny salgy berýär, ynsany tukatlykdan, kalby birahatlykdan, wagtyňy bimany geçirmekden saklaýar. Halkymyzyň saglygyny goramak, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň şeýle baý topragymyzda dermanlyk häsiýeti bilen belli bolan ösümlikleriň örän köp görnüşi ösüp ýetişýär. Hormatly Prezidentimiz şol ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdasy baradaky maglumatlary “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen beýan edýär.
Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň kitap gorunyň üsti hem Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleri bilen doldurylýar. Ol bolsa milli mirasymyzy we edebi gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga, ruhy gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmaga ýardam edýär.
— Täze kitaplar bilen üsti ýetirilýän kitaplar hazynasyny aýawly saklamak kitaphana işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Muňa oňat düşünýän tejribeli kitaphanaçylarymyz Sülgün Muhammetnazarowa, Şemşat Hydyrowa, Aýgözel Berkeliýewa, Nataliýa Petenowa yhlasly işleýärler. Olar türkmen halkynyň milli medeniýetini, ula-kiçä hormat goýmagy, kitaby söýmegi, halklaryň arasyndaky doganlyk-dostlugy, ynsanperwerligi ösdürmegi, belent adamkärçiligi we sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak bilen bagly wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. Halkymyz gadym wagtlardan bäri kitaba örän uly sarpa goýup gelýär. Gymmaty egsilmeýän her bir kitap tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinden aýratynam, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabyny okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly eseri ynsan saglygyny gorap saklamakda lukmançylyk nukdaýnazaryndan uly çeşme bolup hyzmat edýär. Ol ösüp gelýän ýaş neslimize türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini, ulanylyşyny öwredýär — diýip, merkezi kitaphananyň direktory Mähri Geldiýewa gürrüň berýär.

Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: kitaphananyň durmuşyndan pursat.
Surata düşüren awtor.