Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
03.09.2021
Pagtaçy kärendeçiler we mülkdarlar gowaçanyň “Ýolöten-7” görnüşiniň bol hasyl berýän ekindigine aýdyň göz ýetirdiler. Soňky ýyllarda ady agzalan nah pagtanyň “Ýolöten-14” inçe süýümli görnüşi hem önümçilige giňden ornaşdyryldy. Türkmengala etrabynyň Kakajan Seýitmyradow tarapyndan başlyklyk edilýän “Türkmenistan” daýhan birleşiginde hem bu ekiniň ýüzlerçe gektaryna göwnejaý ideg edilýär. Gowaça ideg edilýän 1486 gektar meýdanyň belli bir böleginde ösdürilýän inçe süýümli pagta berýän gowaçalar bol hasyla bürenýär. Oňa ideg edýän pagtaçy babadaýhanlaryň bolsa bu ugurdan tejribeleri ýetik.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bu daýhan birleşiginiň pagtaçylary her gektardan 23 sentnerden hasyl almagy meýilleşdirýärler. Wagtynda döküni, suwy, bejergi işleri kemsiz ýetirilen meýdanlaryň gowaçalary bereketli hasyl toplaýarlar. Ekinleriň akja hanalary eçilip başlandygyna bolsa hemmeler guwanýarlar. Daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, hünärmenler Nurmuhammet Jumaýew, Atamyrat Jumabaýew hasyl eçilýän ekinlere nazar aýlap, pagtaçylaryň nobatdaky ýygyma berk taýýarlyk görmeklerini guraýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde mähriban Watanymyzyň şan-şöhratly Garaşsyzlygyna zähmet üstünlikleri bilen barýan bu daýhan birleşiginiň ümzügi öňe.
Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATDA: bol hasylly gowaça meýdanyndan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.