Bilim ojaklarynda ilkinji jaň kakyldy
02.09.2021
Şeýle tolgundyryjy dabara ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda-da ýaýbaňlandyryldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde kakylan jaň ilkinji sapaklara-da badalga boldy. Bu gün aýratyn-da 6 ýaşly birinji synpa gadam basan körpelerimiz üçin ýatdan çykmajak gün boldy. Çünki, olar bilim ojagyna ilkinji gezek gadam basyp, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgadyna eýe boldular.
Düýn ir säher bilen 23-nji orta mekdebiň howlusyna Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli okuwçylardyr mugallymlar ýygnandylar. Dabara açyk diýlip yglan edileninden soň, mekdebiň howlusynda Döwlet senasy ýaňlandy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görüp gelen mähriban okuwçylaryň ählisi uly höwes bilen Döwlet senasyny aýtdylar. Ondan soň mekdebiň müdiri Tuwak Annakuliýewa gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol okuwçylardyr mugallymlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlady we uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli mekdebiň okuwçylary ajaýyp çykyşlary görkezdiler. Görkezilen çykyşlar el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Onuň yz ýany bilen ilkinji jaňyň sesi ýaňlandy.
Kakylan ilkinji jaňdan soň 6 ýaşly körpelerimiz öz synp otaglaryna ugradyldy. Ol ýerde olara hormatly Prezidentimiziň sowgady — kompýuterler ýaşuly nesillerimiz tarapyndan gowşuryldy.
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.